Episodes
Şu günki programmamyzda: Studentler üçin dollar çalyşygyna degişli täze talap we oňaýlyk girizildi; Jaý meselesinden ejir çekýän raýatlar täze jaýlara "gultunyp seredýär", deňsizlikden nägile bolýar we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
Published 10/21/24
Şu günki programmamyzda: Günebakar ýagy has gymmat bahadan satuwda peýda boldy; Howanyň gijelerine çigrekläp başlamagy bilen, Balkanabatda ýyladyş möwsümine taýýarlyk haýal barýar we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
Published 10/18/24
Şu günki programmamyzda: PÝGG ýagyşdan soň palçyga bulaşýan ýollarda hapa ulaglara jerime ýazýar; Ýangyç gytçylygy baradaky habardan soň Lebapda çäkli mukdarda benzin satylyp başlandy we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
Published 10/17/24
Şu günki programmamyzda: Türkmenabatda azyk nobatynda ýakalaşyk boldy; Orsýetdäki türkmen raýatlaryna migrasiýanyň töwekgelçiligi barada sosial media arkaly duýduryş edilýär we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
Published 10/16/24
Şu günki programmamyzda: Türkmenabatda ýagyş zerarly agyz suw we lagym turbalary sandan çykdy; Çilim çäklendirmeleri ýurduň temmäki önümlerinden doly saplanmagyna alyp gelmedi - ýerli ýaşaýjylar we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
Published 10/15/24
Şu günki programmamyzda: Türkmen häkimiýetleri ýaş dindarlary soraga çekýärler; Hökümetçi neşirler daşary ýurtlarda bolup geçýän 'negatiw wakalara' ýygy-ýygydan ünsi çekip başlady we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
Published 10/14/24
Türkmenistandaky we halkara arenasyndaky soňky möhüm wakalar we meseleler barada ýörite informasion-habarlar programma. Bu programmada soňky möhüm wakalar we meseleler barada giňişleýin maglumatlar berilýär.
Published 10/11/24
Şu günki programmamyzda: Aşgabatda daşary ýurt ýolbaşçylarynyň forumyna taýýarlyk ilata kynçylyk döretdi; Türkmenistanda 'Green Card' üçin dokument doldurýan araçylaryň hyzmaty gymmatlady we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
Published 10/10/24
Şu günki programmamyzda: Pagta möwsümi: Mejbury zähmet dowam edýär, döwlet awtobuslary ýygymçy daşaýar; Aşgabadyň söwda merkezindäki 'arzan' geýim söwdasy polisiýanyň gatyşmagyna getirdi we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
Published 10/09/24
Şu günki programmamyzda: Paýtagtyň birnäçe hassahanasynda MRT barlagyndan gecip bolmaýar; Tok, suw yzygiderli kesilýär, gündelik durmuş bökdelýär - Türkmenbaşy we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
Published 10/08/24
Şu günki programmamyzda: Ýangyç bekediniň öňündäki awtoulag nobatlary üç kilometre çenli uzaýar – çeşmeler; Türkmen häkimiýetleri daşary ýurt ilçihanalaryndan wiza nobatlaryny 'gizlemegi soraýar' – çeşmeler we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
Published 10/07/24
Türkmenistandaky we halkara arenasyndaky soňky möhüm wakalar we meseleler barada ýörite informasion-habarlar programma. Bu programmada soňky möhüm wakalar we meseleler barada giňişleýin maglumatlar berilýär.
Published 10/04/24
Şu günki programmamyzda: Balkanda biometriki pasport almakçy bolýan etniki azlyklary 2026-njy ýylyň nobatyna ýazýarlar; Gazly suwlaryň 'utuşly lotereýasy' çagalarda höwes, maşgalalarda alada döretdi we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
Published 10/03/24
Şu günki programmamyzda: Giň ýaýran garyplygyň arasynda döwlet dükanlaryna paýlanýan çöregiň sany azaldylýar; Ýurt daşynda bilim alýan talyplar türkmen banklarynyň üsti bilen töleg geçirmekde kynçylyk çekýär we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
Published 10/02/24
Şu günki programmamyzda: Adam hukuklaryny goraýjylar ÝHHG-niň maslahatyndan öň Türkmenistandaky bikanunçylyklara ünsi çekdile; Iri walýuta söwdagärleri ýurduň haýyr-sahawat gaznasyna uly möçberlerde pul geçirmäge mejbur edilýär we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
Published 10/01/24
Şu günki programmamyzda: Türkmenabatda baýramçylyk ýörişi berk gözegçilik astynda geçdi; Orsýete barýan türkmen raýatlary Türkmenistandan çykmakda kynçylyk çekýär we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
Published 09/30/24
Hepdäniň wakalaryna gysgaça synymyzy, Merkezi Aziýanyň adam hukuklaryny düýpli bozýan "Talyban" bilen gurýan gatnaşyklaryna bagyşlanan giňişleýin synymyzy diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.
Published 09/28/24
Şu günki programmamyzda: Türkmenbaşyda döwlet taksileriniň ýol kireýleri 60 % gymmatlady, awtobus gatnawlary seýrekleşdi; Medisina syýahatçylygynyň meşhurlygy artýar. Türkmen raýatlary näme üçin Özbegistany saýlaýarlar? we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
Published 09/27/24
Şu günki programmamyzda: Türkmen oppozisiýa wekilleri Waşingtonda syýasy tussaglaryň ykbalyna ünsi çekdiler; Uly möçberlerde jerime töleglerine sezewar edilýän hususy taksi we ýük ulag sürüjileri nägile bolýar we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
Published 09/26/24
Şu günki programmamyzda: Guramaçylar çarä gatnaşýanlary 'bagtly' görkezmegi, 'Şöhrat' diýip gygyrtmagy 'başarmaýar'; Häkimiýetler gowaça meýdanlaryna ýer eýelerinden birugsat mejbury ýygymçy girizip, töleg talap edýär we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
Published 09/25/24
Şu günki programmamyzda: Maryda býujet işgärleri pagta möwsümine pul tabşyrýar, pes hasyl pagtaçylary alada goýýar; Lebap welaýatynyň dört etrabynda iri şahly mallar gyrylýar we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
Published 09/24/24
Şu günki programmamyzda: Günä geçişde maşgalalar jaýyny satyp, tussag hossarlaryny boşadýar; Býujet işgärleri prezidentiň doglan güni mynasybetli teatr sahnalaryna tomaşa etmäge mejbur edildi we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
Published 09/23/24
Hepdäniň wakalaryna gysgaça synymyzy, Türkmenistan we sebit integrasiýasy barada ýerli synçynyň pikirleri esasynda taýýarlan gepleşigimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.
Published 09/21/24
Şu günki programmamyzda: Balkanda mejbury zähmete, pagta ýygymyna çekilen birnäçe esger gullukdan gaçdy; Türkmenabat: döwlet dükanlarynda azygyň çäkli satylmagy adamlary aladalandyrýar we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
Published 09/20/24
Şu günki programmamyzda: Şu günki programmamyzda: Faktlar Aşgabadyň sebit integrasiýasyna taýýar däldigini görkezýär – synçy; 'Öz welaýatymyzda iş bolanda, Aşgabada gelmezdik' – baýramdan öň paýtagtdan kowlan içerki migrantlar we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
Published 09/19/24